14-nji noýabr, anna
Özüňizi diňe bir... gymmatbaha eşikler bilen (bezemäň) (1 Pet. 3:3).
Biz eglişikli bolsak dogan-uýalaryň pikirine we garaýşyna hormat goýarys. Meselem, käbir uýalar boýanmagy, özüne timar bermegi gowy görýär, käbirleri bolsa asla boýanmaýar. Mesihçileriň käbiri çägini bilip spirtli içgileri içýär, başgalary bolsa asla içmeýär. Biziň ählimiz jan-saglygymyzyň aladasyny edýäris. Ýöne alýan bejergilerimiz dürli-dürli bolup biler. Eger biz öz kararymyzy, pikirimizi hemmeleriňkiden dogry we gowy hasaplasak, sözümizi gögertjek bolarys, dogan-uýalary büdrederis we ýygnakda agzalalyk dörederis (1 Kor. 8:9; 10:23, 24). Ýehowa hemme adamlara belli bir biçüwde we reňkde egin-eşik geýmegi tabşyrmady. Ýöne Mukaddes Kitaby okanymyzda egin-eşik babatda Ýehowanyň garaýşyna düşünip bilýäris. Hawa, biz «sagdyn düşünjeli» bolup, gelşikli we salykatly egin-eşikleri geýmeli (1 Tim. 2:9, 10). Biz geýnişimiz we timar berişimiz bilen adamlaryň ünsüni özümize çekmeli däl. Ýaşulular hem şu babatda belli bir düzgünleri girizmeli däl. w23.07 sah. 23, 24, abz. 13, 14
15-nji noýabr, şenbe
Meni ünsli diňläň, ýokumly zatlary iýiň, tagamly naharlary iýip, janyňyz lezzet alsyn (Işa. 55:2).
Eziz Atamyz biziň akyldar bolmagymyzy we bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýän adamlar gizlinlikde ahlaksyzlyk edýär we keýp çekip ýaşaýar. Şeýdip, olar öz aýagy bilen «mazara inýär» (Nak. 9:13, 17, 18). Akyldar aýalyň çakylygyny kabul edýän adamlar köp bereket alýar (Nak. 9:1). Biz Ýehowanyň giňden ýazan toý saçagyndan naharlansak, gökdäki Atamyzyň söýýän zatlaryny söýeris we ýigrenýän zatlaryny ýigreneris (Zeb. 97:10). Şeýle-de biz akýürekli adamlara Ýehowanyň akyldarlygy hakda wagyz ederis. Biz göýä şäher diňlerine çykyp: «Eý tejribesizler, bärik geliň!» diýýän ýaly bolarys. Akyldarlyga gulak assak, biziň özümiz hem, hoş habara seslenýän adamlar hem köp bereket alar. Şeýle-de biz gelejekde ebedi ýaşarys we düşünje ýolundan müdimilik ýöräris (Nak. 9:3, 4, 6). w23.06 sah. 24, 25, abz. 17, 18
16-njy noýabr, ýekşenbe
Giň göwünli adam pälwandan rüstemdir, özüne erk edýän adam serkerdeden güýçlüdir (Nak. 16:32).
Sizden synpdaşyňyz ýa-da işdeşiňiz uýýan diniňiz barada soradymy? Şonda özüňizi nähili duýduňyz? Belki, aljyrap näme aýdyp, näme goýjagyňyzy bilen dälsiňiz. Siz derrew jogap bermän, sabyrly boluň we onuň şol soragy näme üçin berendigi hakda pikirleniň. Şonda mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz edersiňiz. Käbir adamlar biz barada erbet zatlary eşidendigi üçin gaharymyzy getirjek ýa-da dawalaşjak bolup sorag berýärler (Res. 28:22). Biz muňa geň galmaýarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyz, adamlaryň zalymdygy we eglişik etmeýändigi aýdylýar (2 Tim. 3:1, 3). Aýdaly, biri siziň bilen dawalaşmak üçin dini ynançlaryňyz hakda sorag baryny berýär. Şonda näme edersiňiz? Şeýle ýagdaýda gödek däl-de, ýumşak adam boluň. Ýumşak adam aýdýan zatlary bilen ylalaşmasalar gödek gepleşmeýär, özüne erk edýär we jogap bermäge howlukmaýar. w23.09 sah. 14, abz. 1, 2